Türkmenistan GDA-da medeniýet ulgamynda rus dilini giňden ulanyjy döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda

  • 02.11.2023 16:46
  • 8.4k+

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň Dil syýasaty we halkara bilim merkezi “Rus diliniň dünýädäki ornunyň görkezijisi” atly gözleginiň netijelerini beýan edýän makalany hödürledi we onda GDA ýurtlarynda rus diliniň ýagdaýy bilen baglanyşykly bolup geçýän prosesler jikme-jik görkezilýär diýip, Orient habar berýär.

Gözlegiň netijelerine görä, Türkmenistan medeni gurşawda rus dilini ulanmakda Arkalaşygyň beýleki döwletleri bilen deňeşdirilende öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu görkeziji boýunça ýurt iň ýokary baly gazanan döwletleriň ilkinji toparyna goşuldy. Bellenilişi ýaly, rus diliniň kitaphana, teatr we muzeý işinde giňden ulanylmagy rus medeniýetini ösdürmekde möhüm rol oýnaýar.
Şeýle-de, Türkmenistan rus dilinde ylmy aragatnaşyk pudagyndaky görkezijilerini hem ýokarlandyrdy. “Türkmenistan dört punkt ýokary galyp, oňyn ösüşi görkezýär” diýlip, makalada bellenilýär. Ýeri gelende türkmen alymlarynyň we gözlegçileriniň köpüsiniň öz ylmy işlerini üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edýändigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda ýurtda rus dilinde bilim alýan synplary bolan 70-den gowrak mekdep bar; ýurduň ähli bilim merkezlerinde, mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde rus dili belli bir derejede öwrenmek üçin hökmany dil bolup durýar.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......