Koreýa Respublikasy suw hojalygy pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

  • 02.11.2023 16:43
  • 5.3k+

Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak ministri Han Hwa Çžin suw hojalygy pudagynda Seulyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Ýagny, gürrüň suw resurslaryny toplumlaýyn dolandyrmak, deňiz suwuny süýjetmek boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek, şeýle-de degişli edaralar bilen aragatnaşyk saklamak barada gidýär. Bu barada Sisun News-e salgylanyp, Orient habar berýär.

Aşgabatda geçirilýän “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Günorta Koreýanyň bu ugurdaky kompaniýalarynyň wekilleriniň we resmi şahslarynyň MA-dan kärdeşler bilen duşuşygynyň dowamynda göz öňünde tutulýan mümkinçilikleriň eksportynyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär.

“Biz suw resurslaryny toplumlaýyn dolandyrmak we deňiz suwuny süýjetmek ýaly hyzmatdaşlygyň amaly çärelerini öwrenmek arkaly suw pudagynyň eksporty üçin esas goýmagy meýilleşdirýäris” – diýip, ministr belledi.

Güýzüň soňky aýynyň başlanmagy Aşgabat forumynyň çäginde Merkezi Aziýa Respublikalarynyň we Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň arasynda işjeň gepleşikleriň başlanmagy bilen bellendi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde eýýäm birnäçe resminama gol çekdiler.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......