Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 02.11.2023 14:11
  • 17k+

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynda, pul-karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bank ulgamynyň we milli manadyň orny, bank işinde sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy barada çykyşlar edildi.
Çykyş edenler içerki bähbitleri nazara alyp işlenip taýýarlanylan durmuş ugurly çeýe ykdysady strategiýanyň, şeýle hem döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna ünsi çekdiler.
Belläp geçsek, milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......