Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • 02.11.2023 00:26
  • 2.8k+

1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlary öz gerimine alýan özara bähbitli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirildi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki açyk we özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan dialog döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir.
Serdar Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýakynda geçirilen 78-nji maslahatynyň çäklerinde Prezident Ýun Sok Ýol bilen duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de onuň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli  hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijelidigi nygtaldy. Bu formatda her ýyl geçirilýän duşuşyklarda netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamy türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkeziniň üstünlikli işleýändigi bellenildi. Koreý dili Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem öwredilýär. Şol bir wagtda türkmen ýaşlary Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.


düýn 16:50
1.8k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......