Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 01.11.2023 10:22
  • 40k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärlerini we ähli türkmen halkyny gutlady.

«Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Baş maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýarlar.
Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris» - diýlip, Gutlagda aýdylýar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......