Konor Makgregor oktagona haçan dolanyp biljekdigini aýtdy

  • 31.10.2023 12:11
  • 30k+

Iki agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor (22-6) aprel aýynda söweşip biljekdigini aýtdy. Şol aý UFC 300 ýaryşy geçiriler. Bu barada sport-express.ru belleýär.

“Men aprel aýynda dolanyp gelmek isleýärin. Ondan öň uly höwes bilen çykyş ederdim, ýöne hakykatçyl bolsak, men doly dikelip, gowy formada gelmek isleýärin. Aprel aýynda dolanaryn diýip pikir edýärin.

Maňa eýýäm üç ýyl bäri söweşmäge mümkinçilik berenoklar. Düşüniň. Men şikes aldym we ýeňildim. Siz Aleksandr Wolkanowskiniň näme diýenini eşitdiňizmi? Men öz durmuş ýörelgäme gaýdyp gelmeli. Bu meniň işim. Bu gynandyrmanam duranok. Maňa diňe sene gerek. Maňa senäni aýdyň. Boldy.
Eger men boksçy bolan bolsam, dikelmegim üçin ýönekeý bir garşydaşy bererdiler. Ýöne MMA-da seni bir akulanyň, bir-de ýolbarsyň sürenine oklaýarlar. Ýagdaý şeýleräk we bu kadaly zat. Men oktagona dolanyp, işjeň bolmak isleýärin. Karýeramy tamamlamazdan ozal iň gowy söweşiji bolmak isleýärin. Munuň üçin islendik söweşijä hemişe bäsdeşlik gerek” – diýip, Makregor MMA Junkie bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Makregor we Maýkl Çendler (23-8) The Ultimate Fighter 31-de halypa boldular. Olar 2024-nji ýylda duşuşmaly.


düýn 18:58
8.6k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

07.06.2026 20:02
7.4k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7.1k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......