Lionel Messi sekizinji gezek «Altyn top» aldy

  • 31.10.2023 08:50
  • 24k+

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy.

36 ýaşly hüjümçi klub derejesinde “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş edýär. Messi baýragy duşenbe güni Parižde geçirilen dabarada aldy. Ses berişligiň jemi boýunça iň gowularyň üçlügine “Pari Sen-Žermeniň” oýunçysy Kilian Mbappe we “Mançester Sitiniň” oýunçysy Erling Holand hem girdi.

Şeýlelik bilen, Messi “Altyn top” baýragyna karýerasynda sekizinji gezek eýe bolýar, bu bolsa baýragyň taryhynda rekorddyr.

Ikinji orny Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeleýär. Onuň hasabynda bäş baýrak bar. Ýöne ol bu gezek Messi bilen bäsleşip bilmedi, sebäbi 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dalaşgärleriň sanawyna goşulmady.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....