«Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 31.10.2023 07:43
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşirde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň, şeýle hem hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary beýan edildi.
Çap edilen makalalaryň esasylarynyň hatarynda döwlet Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşyny görkezmek bolar.
Şeýle hem neşiriň sahypalarynda Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşy getirilýär.
Okyjylar köpçüligine hödürlenilýän makalalaryň hatarynda ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekili Mohammad Faýýaziniň «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy: Türkmenistanyň çagalary üçin durnuklylyk we täze netijeler» atly makalasy ünsi çekýär. Awtoryň belleýşi ýaly, bu resminama Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanylyp, ol döwletimiziň çagalaryň hukuklary, ösüp gelýän ýaş nesil babatda BMG-niň esas goýujy taglymatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygynyň beýany boldy.
«Halk Maslahaty — demokratiýanyň ösüşiniň gözbaşy» atly makalada Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň ähli gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaranyň esasy wezipelerine üns çekilýär.
Birnäçe makalalar «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly bäsleşige hödürlenipdir.
«Türkmenistan — Halkara Zähmet Guramasy: 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk» atly makalada bu halkara düzüm bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhy şöhlelendirilýär. Makalada zähmet gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryndaky halkara kadalary gurşap alýan konwensiýalar we maslahatlar barada gürrüň edilýär. Olar mejbury zähmeti, zähmet çekýänleriň kemsidilmegini gadagan etmäge, eneligi, ýaşlaryň zähmetini goramaga, kärdeşler arkalaşygynyň erkinligini üpjün etmäge hem-de gender deňligini nazara almak bilen, zähmete hak tölemek meselelerinde işler, kepillikler babatda hukugyň goraglylygyny, deňhukuklylygy üpjün etmäge we başgalara gönükdirilendir. Makalada Türkmenistanyň bu ugurda öz üstüne alan borçnamalara gyşarnyksyz eýerýändigine aýratyn üns çekilýär.
«Ekologik hukuk bozulmalar üçin administratiw jogapkärçilik» atly makalada degişli kanunçylyk-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtalýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde tebigy serişdelerden netijeli we aýawly peýdalanmak üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berýär.
Neşiriň nobatdaky sanynyň sahypalarynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak — wajyp wezipe» atly makala hem ýerleşdirilipdir. Onda daşky gurşawy ylmy taýdan öwrenmäge, tebigy baýlyklary, hususan-da, türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň biri bolan Hazar sebitini gorap saklamaga gönükdirilen işler beýan edilýär.
Neşir “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, mejlisler, maslahatlar we beýleki çäreler beýan edilýär.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......