2023-nji ýylda ikinji Aý tutulma hadysasy tamamlandy (fotosuratlar)

  • 30.10.2023 13:10
  • 11k+

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryna geçilen gije planetamyzyň köp ýerinde ýaşaýjylar Aý dolmasy bilen gabat gelýän bölekleýin Aý tutulmasyny synladylar. Dünýäniň dürli künjegindäki suratçylaryň we synlaýjylar nazary asmana gönükdirildi. 

 

Aý tutulmasy Ýer Gün bilen Aýyň arasynda bir çyzykda bolanda,  Aý dolan wagtynda ýüze çykýar. Şeýle şertlerde, köplenç, Ýeriň tebigy hemrasy gyzyl reňkde bolýar, şonuň üçin oňa “ganly” Aý diýilýär. Şeýle-de bolsa, bu gezek iň uly kölege fazasy bary-ýogy 0,12 boldy (Aşgabat wagty 01:14-de) we beýle täsir bolmady. Aý dolmasynyň ýokary çägi 29-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen 01:24-e dogry geldi.
Moskwa Planetariumynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aý tutulmasyny Ýewropa, Aziýa, Awstraliýa, Afrika, Demirgazyk Amerika, Demirgazyk/Gündogar Günorta Amerika, Ýuwaş, Atlantik, Hindi ummanlary, Arktika, Antarktida ýaly sebitlerde synlamak mümkin boldy. Russiýanyň we GDA-nyň ýaşaýjylary (gündogar sebitlerden beýlekileri) Aý tutulmasynyň ähli tapgyrlaryny gördüler.
Bu waka 2023-nji ýylda Aý tutulmasynyň tapgyrlaryny soňlady. 2024-nji ýylyň ilkinji Aý tutulmasy 25-nji martda bolar.


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......