La-Liga: Madridiň “R­ealy” “Barselonadan” üstün çykdy

  • 28.10.2023 22:48
  • 18k+

Şu gün Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyr oýnunda Madridiň “Realy” bilen Kataloniýanyň “Barselonasy” duşuşdy. Oýun Barselonadaky “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda geçirilip, “Realyň” 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.

Ilki bilen oýnuň 6-njy minutynda “Barselonanyň” düzüminde Ilkaý Gýundogan hasaby açdy. Soňra 68-nji minutda Madridiň “Realyndan” Jud Bellingem hasaby deňledi. Oýnuň esasy wagtyna goşulan goşmaça minutda (90+2) Bellingem öz hasabyna ýene bir goly ýazyp, topara ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, oýundan soň Madridiň “Realy” 2023/24-möwsüminiň ispan Premýerasynyň ýaryş jedwelinde birinji orna çykdy. Karlo Ançelottiniň topary 11 oýunda 28 utuk gazandy. “Barselona” 24 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.​ 


düýn 23:00
1.3k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.8k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
3k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......