29-njy oktýabra geçilýän gije bölekleýin Aý tutulmasy bolar

  • 28.10.2023 17:33
  • 17k+

29-njy oktýabra, ýekşenbe gününe geçilýän gije bölekleýin Aý tutulmasy bolup, ol 4,5 sagat töweregi dowam eder. Hadysa Aşgabat wagty bilen 01:14-de iň ýokary faza ýeter we şonda hemranyň görünýän diskiniň 12%-i Ýeriň kölegesine girer.

“Aşgabat wagty bilen 0:35-den 01:53-e çenli Aý orbita boýunça hereketiniň dowamynda Ýeriň kölegesiniň demirgazyk böleginden geçer. Tutulmanyň iň uly fazasy Aşgabat wagty bilen 01:14-de bolar – bu wagtda Aý diskiniň 0,12-i Ýeriň kölegesine girer” – diýlip, planetariýada habar berilýär.

Aý tutulmasy Ýewropada, Aziýada, Awstraliýada, Afrikada, Demirgazyk Amerikada, Günorta Amerikanyň demirgazyk we gündogar böleklerinde, Ýuwaş, Atlantik, Hindi ummanlarynda, Arktikada we Antarktidada görner.
Tutulma wagty Aý Hamal ýyldyzlar toplumynda bolar. Onuň gapdalynda Ýupiter we beýleki birnäçe ýagty ýyldyzlar şöhle saçar.
Aý tutulmasy 28-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 23:01-de başlanar we 4 sagat 25 minut dowam eder. Ilkinji fazalar ýarym kölegeli bolar, şonuň üçin bu hadysany ýönekeý göz bilen tapawutlandyrmak kyn bolar. Aşgabat wagty bilen 0:35-de Aý Ýeriň ýarym kölegesine doly girer we Ýeriň kölegesine deger, şondan soň bölekleýin tutulma başlar. Bu wagt Aýyň günbatar gyrasynyň garalmagy aýdyň görner.
Astronomlar hadysanyň Aýyň günorta gyrasynyň gyzarmagy bilen utgaşyp biljekdigini belleýärler. 29-njy oktýabrda 01:53-de Aý Ýeriň kölegesini terk eder, 03:26-da bolsa biziň planetamyzyň ýarym kölegesinden çykar. 


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......