Mazda rotor hereketlendirijisi bolan Iconic SP konseptini görkezdi

  • 28.10.2023 16:02
  • 6.1k+

Tokio awtoulag sergisinde «Mazda» gizlin faralary, ýokary galdyrylýan gapylary we gibrid motoryň esasynda rotor hereketlendirijisi bolan «Iconic SP» konsept ulagyny tanyşdyrdy.

Awtoulagyň umumy uzynlygy 4180 mm, teker bazasy 2590 mm, agramy 1450 kg. Ulagyň hereketlendirijisi 370 at güýjüni öndürmäge ukyply.
«Iconic SP» ýolda durnuklylygy üpjün etmek üçin pes agyrlyk merkezine eýedir. Sürüşiň hilini gowulandyrmak üçin inženerler oklaryň arasyndaky agram paýlanyşygynyň takmynan 50:50 bolmagyny üpjün etdiler. Bortda elektrik öndürmek üçin ulanylýan rotor hereketlendiriji dürli ýangyç bilen, şol sanda wodorod bilen işläp bilýär. Bu konsept awtoulag üçin ýörite «Viola Red» reňki döredildi.
Enjamyň gibrid hereketlendirijisi daşarky energiýa sarp edijilerini hem elektrik energiýasy bilen üpjün edip – bu açyk howada dynç alyşda ýa-da tebigy betbagtçylyk ýagdaýynda gerek bolup biler.


19.03.2026 04:19
2.4k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...