La Liga: Şu gün «El-Klasiko» geçiriler

  • 28.10.2023 12:28
  • 8.6k+

Şu gün, 28-nji oktýabrda Ispaniýanyň La ligasynyň 11-nji tapgyr oýnunda Kataloniýanyň “Barselonasy” bilen Madridiň “Realy” duşuşar. Oýun Barselona şäherindäki “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlanar.

Ispaniýanyň çempionatynyň geçen möwsüminde birinji tapgyr oýunda “Real” 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy, ikinji tapgyrda bolsa “Barselona” 2:1 hasabynda utdy. 2023/2024-möwsüminde “Real” ispan Premýerasynyň ýaryş jedwelinde ikinji orny eýeleýär.
Karlo Ançelottiniň topary 10 oýunda 25 utuk gazandy. “Barselona” 24 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.


düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......