Türkmenistanda talyplaryň arasynda “BMG-niň modeli” bäsleşigi geçirildi

  • 26.10.2023 17:52
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda ýurduň bäş ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “BMG-niň modeli” bäsleşigini geçirdi.

Bäsleşigiň esasy maksady Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň (AHÄJ) kabul edilmeginiň 75 ýyllygyny hem-de Wena jarnamasynyň we Hereket meýilnamasynyň (WJHM) 30 ýyllygyny bellemekdi. Talyplar parahatçylyk we howpsuzlyk, mümkinçiligi çäkli adamlaryň hukuklary we mümkinçilikleri, çagalaryň hukuklaryny goramak, gender deňligi, şeýle-de jyns taýdan kemsitmeleriň öňüni almakda AHÄJ-niň we WJHM-niň roly bilen baglanyşykly dürli temalary hödürlediler.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleri hem-de BMGÖM-niň milli we halkara hünärmenleri girdi.
Talyplaryň iň gowy çykyşlary baýraklar we şahadatnamalar bilen tapawutlandyryldy. Bu bäsleşik talyplara köpçüligiň öňünde çykyş etmek, çekişme endiklerini ösdürmäge hem-de halkara gatnaşyklaryna we adam hukuklaryny goramagyň ähmiýetine has gowy düşünmäge kömek etdi.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......