Türkmenistanyň wekiliýeti sportda dopinge garşy göreşmek boýunça taraplaryň Konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasynda çykyş edýär

  • 26.10.2023 17:54
  • 11k+

25-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda sportda dopinge garşy göreşmek boýunça taraplaryň Konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy başlady. Bu çärä Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň baş hünärmeni M. Ýaýlymowa hem girýär.

Taraplaryň konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy sportda doping bilen göreşmegiň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurda strategiki çäreleri kabul etmäge gönükdirilendir. Sessiýanyň ýene bir möhüm meselesi sport ýaryşlarynda ýokary netijeliligi we ahlaklylygy üpjün etmek üçin Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmekde gatnaşyjy döwletleriň jogapkärçiligini güýçlendirmek baradaky tekliplerden ybarat.
Duşuşykda 2024-2025-nji ýyllara çenli sportda dopingi ýok etmäge gönükdirilen Gaznanyň taslamalaryna aýratyn üns berilýär. Konferensiýa gatnaşyjylar sportda dopingiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça netijeli strategiýalary we gurallary işläp taýýarlamak üçin işjeň pikir alyşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň dopinge garşy göreş Konwensiýasyny heniz 2011-nji ýylda tassyklady. Bu ýurduň bellenilen meselä örän çynlakaý garaýandygyny görkezýär. Şeýle-de, Türkmenistan Olimpiýa nyşanlarynyň goragyny düzgünleşdirýän Naýrobi şertnamasyna goşuldy we Milli dopinge garşy göreş agentligini döretdi.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....