Madridiň «Realy» Karlo Ançelottä täze şertnama hödürledi

  • 26.10.2023 15:19
  • 9.7k+

«Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelotti Madrid klubunda galyp biler.

Žurnalist Ramon Alwaresiň sosial ulgamlarda habar berşi ýaly, “Realyň” ýolbaşçylygy italýan hünärmenine täze şertnama teklip etdi we taraplar şertnamany uzaltmak barada gepleşik geçirýärler.
Ançelottiniň şu möwsümiň ahyrynda Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etjekdigi öň habar berlipdi.
Karlo Ançelottiniň 2021-nji ýyldan bäri “Realyň” başynda durandygyny ýatladýarys. Ondan öň italýan hünärmeni iňlisleriň “Ewerton” toparyna ýolbaşçylyk edipdi.
Häzirki wagtda Madridiň kluby Ispaniýanyň La Ligasynda 10 oýnuň netijelerine görä 25 utuk toplap, öňde barýar.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....