Türkmenistan Bişkekde geçiriljek ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar

  • 25.10.2023 22:02
  • 6.5k+

Wise-premýer, türkmen hökümetinde ykdysady, bank we halkara maliýe guramalaryna gözegçilik edýän Hojamyrat Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistana wekilçilik eder. Forum 26-njy oktýabrda Bişkekde geçiriler diýip, Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, Orient habar berýär.

Bu çärä Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, HHR-iň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet baştutanlary, şeýle-de Hindistanyň we Pakistanyň Daşary işler ministrleri gatnaşar.
Şol gün, 26-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagtynda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň we Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisleri geçiriler. Bu iki forumyň işine ŞHG agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň wekilleri-de gatnaşar.

“Mejlisiň çäginde birleşikleriň gatnaşyjy döwletleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine serediler we söwda-ykdysady hem medeni-ynsanperwer ugurlarda birnäçe resminama gol çekiler” – diýlip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat relizinde aýdylýar.

şu gün 09:24
148

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....