«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

  • 25.10.2023 18:01
  • 2.7k+

Žurnalyň nobatdaky sany Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana iş saparyna bagyşlanan makala bilen açylýar.

Duşanbe şäherinde, «Kasri Millat» köşgünde, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi bolup geçdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Madina Mahmudowanyň makalasy bu bolup geçen taryhy mejlise, onda döwletiň durmuş-ykdysady ösüşleriniň jemleri barada gelnen netijelere, şeýle hem geljek döwür üçin kesgitlenilen wezipelere bagyşlanypdyr.
Žurnalyň täze sanynda şeýle hem täze döredilen Arkadag şäherine, onuň häzirki zaman infrastrukturasyna we sport desgalaryna bagyşlanan köp sanly makalalar berlipdir.
Okyjylar žurnalyň sahypalaryndan Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde bolup geçen etnosport boýunça halkara festiwaly we onda türkmen türgenleriniň çykyşlary barada makalalary hem okap bilerler.
Milli ýygyndy toparymyzyň Parižde bolup geçjek Bütindünýä sport forumynda sportuň haýsy görnüşleri boýunça çykyş etjekdikleri barada «Türkmenistan Olimpiada 2024-e taýýarlanýar» diýen makalada gürrüň berilýär.
Sport janköýerlerini dünýäniň dürli ýurtlarynyň milli göreş göreşlerine bagyşlanan maglumatlar hem gyzyklandyrsa gerek.
Belki-de, käbirlerimiz sazyň ömri uzaldýandygyna, kitaplaryň bolsa saglyk üçin peýdalydygyna haýran galmak bilen göz ýetireris. Bu barada awtorlarymyz gürrüň berýärler.
Žurnalda şeýle hem «Sport we žurnalistika», «Sport we sungat» diýen ugurlar boýunça makalalar toplumy berlendir.
«GDA-nyň sport paýtagty» atly rubrika astynda berlen makalardan 2025-nji, 2026-njy ýyllarda bu derejä eýelik etjek ýurtlar barada maglumatlary bilmek bolar.
Žurnalyň okyjylary «Watan» gazetiniň fotohabarçysy Maksat Gylyjow barada hem okap we gyzykly maglumatlary alyp bilerler.
Türkmen tomaşaçylarynyň köpüsi bireýýämlerden bäri Gurban Berdiýewiň tälimçilik ýoly bilen içgin gyzyklanyp gelýärler. Ildeşimiz häzirki wagtda birinji ligadaky rus futbol klublarynyň birine tälim berýär. «Täze toparda üstünlik hemraňyz bolsun, Guran Bekiýewiç!» diýen makala türkmen tälimçisine üstünlik arzuw etmek bilen ýazylypdyr.
Internet neşirleriň üsti bilen okyýjylara ady rowaýata öwrülen «Barselona» topary bilen Merkezi Aziýa futbol weteranlarynyň Bişkek şäherinde bolup geçen ýoldaşlyk duşuşygy barada hem gürrüň berilýär.
«Aýdaky oýnuň taslamasy» atly makalada 2035-nji ýylda Aýda bolup biljek hyýaly futbol oýny barada aýdylýar.
Futbol dünýäde iň giňden ýaýran sport görnüşidir diýip pikir edilýär. Ýöne bu edil beýle-de däl eken. Bu barada «Haýsy sport has meşhur?» diýen makalada gürrüň berilýär.
2023-nji ýylyň iýulynda 1933-nji ýylda «Moskwa ― Garagum ― Moskwa» ugry boýunça geçirilen XX asyryň iň iri awtoýörişleriniň birine 90 ýyl doldy. Bu ýörişiň kynçylyklary, oňa gatnaşanlaryň gahrymançylyklary barada «Bir awtoýörişiň taryhyndan» atly makaladan gyzykly maglumatlary bilen tanşyp bolýar.
Žurnalda meşhur türkmen futbolçysy we tälimçisi Berdimyrat Nurmyradow bilen guralan söhbetdeşlik hem çap edilipdir. Okyjylara hünärmeniň futbol hakynda pikirleri, durmuş ýoly we beýleki maglumatlar gyzykly bolup biler.
Adamyň islendik ýagdaýynda gormonlaryň uly ähmiýeti bardyr. «Bagt gormony: nädip keýpi sazlamaly» diýen makala bilen tanyşmak bilen, siz hemişe nepesi dury ýagdaýda bolup bilersiňiz.
Futbolda şahsyýetler hemişe hormatlanýar. Türkmen futbolçylarynyň «Altyn topuň» eýeleriniň garşysyna neneňsi oýnandyklary hakynda siz «Türkmen futbolçylary «Altyn topuň» eýelerine garşy duruşlary» atly makaladan gyzykly pursatlary tapyp bilersiňiz.
Okyjylar žurnaldan başga-da köp sanly öwredijilikli we gyzykly makalalary okap bilerler.


18.03.2026 11:25
1.9k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

16.03.2026 17:11
5.9k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

16.03.2026 12:00
1.5k+

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar...

13.03.2026 09:25
7.4k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...