«Barselona» täze «Spotify Camp Nou» stadionynyň dizaýnyny görkezdi

  • 24.10.2023 10:50
  • 16k+

«Barselona» täze «Spotify Camp Nou-nyň» dizaýnyny hödürledi, onuň gurluşygy öňki oýun meýdança ýykylyp aýrylandan soň başlar.

Gurluşyk 2026-njy ýylda tamamlanar, ýöne resmi çaklamada täze stadionyň 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap oýunlary kabul edip biljekdigi aýdylýar. Klubuň stadionda 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň oýunlaryny we mümkin bolsa finaly geçirmek islegi bar. Täze «Spotify Camp Nou», takmynan, 104 müň janköýeri kabul edip biler, köne stadion 99 müň janköýere niýetlenendi.
Katalonlylaryň täze öýünde metrodan suw ulanjak suwaryş ulgamy bolar we Gün panelleri stadion üçin zerur bolan ähli energiýany öndürer.
«Barsa» häzirki wagtda «Monžuik» Olimpiýa stadionynda oýnaýar.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....