Serdar Berdimuhamedow «Keletede» Türkmenistanyň harby okuw türgenleşigini synlady

  • 22.10.2023 09:54
  • 58k+

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw türgenleşik merkezine baryp, ýurdumyzyň harby okuw türgenleşigini synlady.

Bu gezekki harby türgenleşik harby hünärmenlerimiziň ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Bu gezekki görkezme harby okuw türgenleşigi ýurdumyzyň beýleki goşun galalaryndaky we deňiz güýçlerimizdäki okuw merkezlerinde-de geçirilip, olar sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda göni ýaýlym arkaly ýetirildi.


Okuw merkezlerinde harby okuw türgenleşigine gatnaşýan toparlar ýöriş geçirmegiň dowamynda garşylykly hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak, garşydaşyň howa hüjümleri bilen göreşmek, ýörişi bökdemek üçin döredilen meýdandan ýörite himiki gorag serişdelerini ulanyp ýitgisiz geçmek, şeýle hem suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça okuw-söweşjeň wezipelerini ýerine ýetirdiler.
Harby-deňiz güýçlerimiziň harby türgenleşige gatnaşýan gämileri garşylykly hereket edýän gämi toparlary harby-deňiz taktikasyna laýyklykda deňizde bilelikdäki söweşi guramak boýunça söweşjeň meýilnamalaşdyryşy amala aşyrdylar.


Türgenleşigiň dowamynda Ýaragly Güýçlerimiziň häzirki zaman aňtaw-urgy toplumynyň uçarmansyz uçýan enjamlary kesgitlenen beýiklige galyp nyşany aňtamak bilen howadaky söweşjeň nobatçylyga girişdi.
Harby okuw türgenleşiginde “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler.
Soňra harby okuw türgenleşiginde Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryndaky täze, döwrebap uçarlar söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdiler.
Soňra Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilen harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......