Türkmen türgenleri hytaýly tälimçileriň elinde türgenleşik geçerler

  • 22.10.2023 08:11
  • 7k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Sport meseleleri boýunça býurosynyň Baş direktory Gao Çžidan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu gepleşikler Hytaýda geçen “Bir guşak, bir ýol” 3-nji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Sport ulgamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ozal baglaşylan şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini eýeledi. Bellenişi ýaly, türkmen tarapynyň haýyşy bilen ýakyn wagtda Hytaý türkmen türgenlerine tälim bermek üçin öz tälimçilerini iberer.
Duşuşygyň dowamynda Gao Çžidan türkmen türgenleriniň ýakynda Hytaýda geçirilen Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edendigini belledi. Oňa türkmen türgenleriniň 88-si gatnaşypdy. Hytaý tarapynyň nygtaýşy ýaly, türkmen türgenleri dzýudo we sportuň söweş görnüşleri boýunça oňat görkezijileri görkezdiler.
Taraplar şeýle hem, sport hereketini ýaýbaňlandyrmakda we iki ýurduň arasynda sport dialogyna goldaw bermekde özara taýýarlyklaryny mälim etdiler.


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....