Bitkoin soňky hepdede 10% ösüş görkezdi

  • 21.10.2023 17:50
  • 6.8k+

Bitkoiniň bahasy 29 000 dollardan geçdi we şu habar neşir edilende 29 200 dollar töweregi diýip söwdalaşylýardy. Beýleki kriptopullar hem gymmatlaýar.

Seljerijiler muňa ABŞ-da ilkinji ETF-bitkoinleriň ýakyn wagtda tassyklanmagyna, şeýle hem ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasy (SEC) tarapyndan kazyýet şowsuzlyklaryna degişli temalaryň ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylmagy täsirini ýetirýär diýip hasaplaýarlar.
Soňky 24 sagadyň dowamynda bitkoiniň hümmeti 4% ýokarlandy, ýedi günüň möhletini seljerseňiz, esasy kriptowalýuta eýýäm 10% töweregi galdy. Şol bir wagtyň özünde, BTC-iň bazar kapitalizasiýasy eýýäm 571 milliard dollar.
Hepdäniň başynda Cointelegraph kriptowalýuta metbugat serişdesi bitkoin ETF-iň tassyklanjakdygy baradaky habarlary çap edendigini ýatladýarys. Bu habar derrew ýaýrady. Şeýle-de bolsa, BlackRock entek arzasyna garalýandygyny tassyklap, myş-myşlary ret etdi. Soňra Cointelegraph bu ýazgy çap edilmezden ozal redaksiýa tarapyndan gözden geçirilmändigini aýdyp, ötünç sorady. Netijede, bitkoin 30 000-den dollardan ýokary çykyp, ýene 28 000 dollara gaýdyp geldi. Ondan soň ýene galyp başlady.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...