GDA-da «Parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin» medaly döredildi

  • 16.10.2023 15:50
  • 6.1k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin” medaly döredildi. Degişli karar 13-nji oktýabrda Bişkekde GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gatnaşyjylary tarapyndan kabul edildi.

Medal GDA ýurtlarynyň raýatlarynyň, şeýle-de beýleki döwletleriň wekilleriniň aýratyn şahsy hyzmatlarynyň ykrar edilmegini görkezýän ýeke-täk döwletara tapawutlandyryş nyşany bolar. Ol halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy gorap saklamaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen halkara çäreleri geçirmek boýunça işjeň işler üçin berler.
Baýrak halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine, ylalaşdyryjy işleriň durmuşa geçirilmegine goşan şahsy goşandy, syýasy, medeni, sport, ynsanperwerlik çärelerini we parahatçylygy saklamaga, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilen çäreleri geçirmekde tapawutlanandygy, Arkalaşygyň gatnaşyjy döwletleriniň parahatçylykly ösüşini üpjün etmekde beýleki hyzmatlary we şahsy goşandy üçin berilýär.
Beýleki döwletleriň raýatlary parahatçylygy saklamak, ynsanperwerlik çärelerini geçirmäge ýardam etmek meseleleri boýunça GDA ýurtlary bilen özara gatnaşygy ösdürmekde goşan aýratyn şahsy goşandy, hyzmatdaşlygy ösdürendigi, ylalaşdyryjy, ynsanperwerlik, bilim, medeni we sport çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşandygy üçin sylaglanyp bilner.
“Parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin” medaly bilen sylaglamak baradaky teklip GDA-nyň gatnaşyjy döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň hödürlemegi boýunça amala aşyrylar. Sylaglanýanlaryň sanawy Arkalaşygyň ýurtlarynyň Goranmak ministrleriniň Geňeşi tarapyndan tassyklanar diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.


20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

11.03.2026 18:42
3.9k+

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi. Konsepsiýa bäş sany esasy ugry: parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ykdysady we ulag baglanyşygyny ösdürmegi, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi öz içine alýar...

24.01.2026 09:32
2.5k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...