Lexus IS sedanynyň täzelenen nusgasyny tanyşdyrdy

  • 15.10.2023 23:51
  • 14k+

«Lexus» ABŞ-da 2024-nji ýyl üçin niýetlenen täzelenen sedanyny tanyşdyrdy. Awtoulag daşky dizaýnynyň täze elementleri bilen «F Sport» komplektasiýasyna eýe boldy.

«F Sport» wersiýasy esasy «IS300» nusgasynda elýeterlidir. Ol 19 dýuýmlyk teker diskleri, şeýle hem alýumin pedallar, öňdäki oturgyçlaryň wentilýasiýasy we rulunyň täze dizaýny hem-de ony gyzdyrmak mümkinçiligi bilen üpjün edildi. «IS300-iň» yzky tekerleri hereketli görnüşi 241 at güýjüni öndürýän 2.0 benzinli turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ähli tekerleri hereketli «IS300» bolsa 260 at güýji kuwwaty bolan 3,5-lyk V6 hereketlendirijisi bilen üpjün ediler.
«Lexus IS 350-iň» «F Sport» görnüşiniň goşmaça daşky bezeg toplumy gara reňkli «BBS» markaly tekerleri, gara aýnalary we gyralary gara reňkde hromlanan penjireleri öz içine alýar.
472 at güýjüni öndürýän 5.0 litrlik V8 hereketlendirijisi bolan iň kuwwatly «IS500» 19 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylan, salonyň bezegi bolsa gök reňkde amala aşyryldy.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....