Microsoft 68,7 mlrd dollara Activision Blizzard-y satyn aldy

  • 14.10.2023 17:30
  • 12k+

Microsoft korporasiýasynyň Activision Blizzard neşirýatyny satyn almagynyň gürrüňi iki ýyla golaý dowam etdi.

Amerikan ägirtleri dünýä düzgünleşdirijileriniň we bäsdeşleriniň çynlakaý synaglaryndan geçdiler we bu geleşigiň aç-açanlygyny we kanunylygyny subut etmegi başardylar.
Ine-de ol resmi taýdan yglan edildi: Activision Blizzard hem-de onuň ähli studiýalary we brendleri Xbox ekoulgamynyň bir bölegine öwrüldi.
Microsoft korporasiýasy Call of Duty, Guiter Hero, Warcraft, Starcraft, Toni Hawk's Pro Skater, Prototype, Spyro, DJ Hero, Skylanders, Diablo, Overwatch we Candy Crush ýaly mega-franşizalara hukuk gazandy.
Bu oýunlaryň köpüsi ýakyn wagtda Xbox Game Pass-da elýeterli bolar.
Bu oýun pudagynyň taryhynda iň uly şertnamadyr, onuň gymmaty 68,7 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar!
Xbox-yň baş direktory Fil Spenser öz toparynyň täze agzalaryny gutlady we bilelikde wideo oýunlar pudagyny düýbünden başga derejä çykarjakdyklaryna ynam bildirdi.


17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.03.2026 13:28
716

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
1k+

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...