NYP: ABŞ-nyň ýaşaýjysy lotereýada 1,76 milliard dollar utdy

  • 14.10.2023 15:46
  • 10k+

«New York Post» gazetiniň berýän habaryna görä, amerikaly bir adamyň Powerball lotereýasy 1,76 milliard dollar utdy. Ýeňiji sanlar 22, 24, 40, 52, 64 boldy, 10 belgili top gyzyla düşdi, ýeňijiniň ady entek belli däl.

Petek Los-Anjelesden 75 km uzaklykda ýerleşýän Frazýer Parkdaky (Kaliforniýa) dükandan satyn alnypdyr. Täze milliarderiň lotereýa üçin her gün dükana gatnaýan ýerli ýaşaýjy bolmagy ähtimal.

“Käbirleri her gün petek almak üçin gelýärler. Biz olaryň ählisini atma-at bilýäris. Olaryň içinden biriniň begenç bilen gygyrjagyna ynanýaryn. Adamlaryň köpüsi: “Ýeňsem, size täze ýük ulag satyn alyp berjek” diýýärdi. Hany, onda meniň ýük ulagym nirede? Men garaşýaryn - diýip, ýeňijä petek satan dükanyň gijeki dükançysy degişýär.

Jekpotyň ýeňijisi  29 ýylyň dowamynda 30 tölegden 1,76 milliard dollar alyp biler ýa-da bir gezekde 774,1 million dollar alyp biler.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......