Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly öz işine başlaýar

  • 14.10.2023 08:38
  • 11k+

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly açylýar. Bu halkara film festiwaly 14-nji we 15-nji oktýabrda täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýär. Bu uly çärä daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino işgärleri gatnaşýarlar.

Kinofestiwalynyň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Häzirki wagtda biz ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady bolsa kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekden we ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu halkara çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, kino aktýorlarynyň we kino bilermenleriniň gatnaşmaklary has-da buýsançlydyr.
Kino sungaty parahatçylygyň we dostlugyň köprüsidir. Kino sungatynyň döwrebap ösüşleri ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi, jebisligi kemala getirýär. Sungatyň güýji ýürekleri birleşdirýän gudrata öwrülýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň çäginde guraljak dabaralaryň medeni hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitjekdigine, dostlukly gatnaşyklarymyzyň taryhynda ajaýyp waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn» - diýlip Gutlagda belllenilýär.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......