Rolls-Royce Gün tutulmasy mynasybetli Ghost sedanynyň aýratyn seriýasyny çykardy

  • 13.10.2023 19:08
  • 25k+

Rolls-Royce kompaniýasy dizaýny doly Gün tutulmasyndan ruhlanan Ghost Black Badge seriýasyny çykardy. Awtoöndüriji sedany asman hadysasynyň sebäpleri bilen bezedi.

Awtomobiliň iň täsirli detallarynyň biri potologyň Starlight animasiýa bezegi boldy. Haçan-da hereketlendiriji işledilende, kelläň üstünde 940 yşyk diodyndan ybarat tegelek peýda bolýar. Ol, köplenç, doly Gün tutulmasy wagtynda görünýän Gün aýtymyny şöhlelendirýär. Şekil dogry 7 minut 31 sekunt dowam edýär – bu tutulmanyň ýyldyzly asmana dolanyp barmazdan ozal bolup geçmegi üçin maksimal wagtdyr.
Ghost Black Badge bamperde, tekerlerde we tormoz supportlarynda mämişi reňkler bilen üsti ýetirilen Lyrical Copper bilen reňklendi. Awtoöndüriji mämişi reňki kuzowyň liniýasy üçin hem ulanýar.
Enjam panelinde “doly Gün tutulmasynyň simwoliki şkalasyny” döredýän lazer bilen ýerine ýetirilen 1846 ýyldyz şekillendirilendir. Enjam panelinde Gün tutulmasynyň şekiliniň gapdalynda sargyt boýunça taýýarlanan 0,5 karat brilliantly sagat ýerleşýär.
Awtoöndüriji modeliň önümçiligini bary-ýogy 25 nusga bilen çäklendirýär. Onuň ilkinji gezek görkezilişi 14-nji oktýabrda boljak Gün tutulmasy bilen gabat gelýär. Hadysany Günbatar ýarym şarynyň käbir böleklerinde görmek bolar.
Ýeri gelende bellesek, bu Rolls-Royce-yň ýyldyzlardan ylham alan ilkinji gezegi däldir. 2021-nji ýylda kompaniýa dizaýnynda pulsar ýyldyzlary ulanylan Phantom Tempus modelini çykarypdy.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...