Günorta Afrika Respublikasynyň ilaty 62 milliondan geçdi

  • 13.10.2023 16:26
  • 6.9k+

Günorta Afrika Respublikasynyň ilaty 62 027 503-e ýetdi. Muny Günorta Afrikanyň baş statistikaçysy Risenga Maluleke 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijeleri bilen ýurduň prezidenti Siril Ramaposa hasabat bermek bilen yglan etdi.

Ol: "Öňki ilat ýazuwy - 2011-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende, Günorta Afrikanyň ilaty 10,3 million köpeldi – diýip belledi. - Gara tenliler ilatyň 81,4%-ni, reňkliler – 8,2%-ni, akýagyzlar – 7,3%-ni, asly hindi gelip çykyşly günorta afrikalylar -  2,7%-ni eýeleýär. " Maluleke Günorta Afrikanyň akýagyz ilatynyň çalt azalmagy prosesiniň dowam edýändigini aýtdy. Şeýlelikde, ol 1996-njy ýylda 11% boldy.
Ramaposa, öz gezeginde, aparteid ulgamy dargandan soň, Günorta Afrikanyň täze we tertip boýunça dördünji ilat ýazuwynyň häkimiýetlere ýurduň ösüşini has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Ol: "Ýaşaýan ýurdumyz baradaky ylmy maglumatlar ykdysady we sosial ösüş üçin iň netijeli ýollary tapmaga kömek eder – diýip belledi. - Hökümet has takyk maýa goýum syýasatyny alyp barmak üçin gural hem aldy".


28.04.2025 00:16
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

17.06.2024 11:46
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

15.06.2024 15:40
2.9k+

Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

Siril Ramafosa GAR-yň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Ol Milli assambleýanyň täze düzüminiň birinji mejlisinde deputatlardan 283 ses aldy, bu hem onuň ýeňiş gazanmagyny üpjün etdi diýip, TASS habar berýär...

14.02.2024 01:52
6.7k+

Türkmenistanyň we GAR-nyň ilçileri işewür toparlaryň saparlaryny guramak meselesini maslahatlaşdylar

Ilçi Batyr Rejepow Günorta Afrikanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Seýpelo Metýus bilen duşuşyp, şu ýyl üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny ara alyp...