Kosmonawtlar Kononenko we Çub 25-nji oktýabrda açyk kosmosa çykarlar

  • 11.10.2023 16:47
  • 7.7k+
Kosmonawtlar Kononenko we Çub 25-nji oktýabrda açyk kosmosa çykarlar

Ý.A. Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş mekrkeziniň başlygynyň orunbasary, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, şonuň ýaly-da TASS-yň HKS-daky ýörite habarçysy Oleg Kononenko we kosmonawt Nikolaý Çub 25-nji oktýabrda açyk kosmosa çykar. Bu barada Roskosmosdan TASS-a habar berildi.

“Halkara kosmos stansiýasyndan rus maksatnamasy boýunça nobatdaky açyk kosmosa çykyş 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda meýilleşdirilýär. Ony 70-nji uzak möhletli ekspedisiýa gatnaşyjylar – “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub amala aşyrar diýip, Döwlet korporasiýasynda bellediler.

Roskosmos bu gezekki açyk kosmosa çykyşyň 2023-nji ýylda rus maksatnamasy boýunça altynjy boljakdygyny ýatlatdy.
Kononenko uçuşyň öň ýanyndaky metbugat ýygnagynda žurnalistlere öz ekspedisiýasynyň 2023-nji ýylda rus maksatnamasy boýunça korablyň daşynda bir sany işiniň, 2024-nji ýylda ýene üçüsiniň meýilleşdirilendigini aýtdy.


30.04.2024 21:38
9.8k+

Kononenko açyk kosmosa çykmaga nähili taýýarlyk görülýändiginiň syrlaryny paýlaşdy

Her gezek açyk kosmosa çykmak – bu diňe bir çylşyrymly iş bolman, eýsem, Ýer ýüzünde-de, HKS-da-da hünärmenler toparynyň sazlaşykly işlemegini talap edýän gymmat amal. Bu barada Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň...

29.01.2024 15:28
5.9k+

Turba şekilli beden agzalary ilkinji gezek 4D bioçap arkaly kosmosda çap ediler

2024-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) bortunda 4D bioçap tehnologiýasyny ulanmak bilen dünýäde ilkinji synagy geçirilmek meýilleşdirilýär. Hünärmenler bu tehnologiýany ulanyp, turba şekilli beden agzalarynyň...

26.10.2023 15:40
9.9k+

Oleg Kononenko we Nikolaý Çub 7,5 sagatlap açyk kosmosda boldular

Roskosmosyň kosmonawtlary Oleg Kononenko (TASS-yň HKS-däki ýörite habarçysy) we Nikolaý Çub halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) “Poisk” modulynyň çykyş gapagyny ýapdylar, ýagny stansiýa 70-nji uzak möhletli ekspedisiýanyň...

25.10.2023 11:11
16k+

Şu gün Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko altynjy gezek açyk kosmosa çykmaga taýýarlanýar

Russiýaly kosmonawtlar Oleg Kononenko (TASS-nyň HKS-daky ýörite habarçysy) we Nikolaý Çub çarşenbe güni agşam açyk kosmosa çykar. Olar köp maksatly "Nauka" laboratoriýa modulynyň (MLM) radiatorynda ýyladyjynyň syzdyrýan ýerini...