Dünýädäki iň arzan awtomobiller belli boldy

  • 11.10.2023 16:04
  • 21k+

HotCars awtomobil portalynyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň bazarlarynda satyn almak üçin elýeterli bolan iň amatly awtoulaglaryň reýtingini düzdüler. Onuň netijesinde Changli Nemica dünýädäki iň arzan awtomobil boldy. Onuň görkezilýän ownuk satuw bahasy 1249 dollardan başlaýar, öň ony 975 dollara-da satyn alyp bolýardy diýip, avtonovostidnya.ru belleýär.

Bu hytaý elektrokary oýunjak ýaly görnüp, 800-den 1200 Wt çenli kuwwatly elektrik motor bilen herekete getirilýär. Ol bir zarýadda 97 – 193 km geçip bilýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa 29 km bilen çäklenýär.
Sanawda ikinji orny 1265 dollar başlangyç baha bilen Minghong S1-Pro eýeledi. Ol 1200 – 1500 Wt kuwwatly elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir, iň ýokary tizligi 34 km we bir zarýadda 193 km çenli geçmäge ukyplydyr.
Liderleriň üçlügini 1680 dollara satyn alyp boljak Aigle EV Minicar jemleýär. Onuň güýç gurluşy 1200 – 1500 Wt kuwwatly elektromotordan ybarat, iň ýokary ýol ätiýajy 97 km, tizlik bolsa sagatda 45 km bilen çäklenýär.

Dünýädäki iň arzan awtomobiller:

  1. Changli Nemica – 1249 dollar;
  2. Minghong S1-Pro – 1265 dollar;
  3. Aigle EV Minicar – 1680 dollar;
  4. Haibao Qiao Hu – 1669 dollar;
  5. MH S3 – 1811 dollar;
  6. QK Pickup – 1859 dollar;
  7. Changli 003 – 1988 dollar;
  8. R&Z SUV – 1750 – 1990 dollar;
  9. Changli PK-002 – 2060 dollar;
  10. Changli Mini Solar – 2090 dollar;
  11. Hongsheng Pickup – 2500 dollar;
  12. Hongsheng Tantu – 2800 dollar;
  13. Bajaj Qute – 4200 dollar.

16.06.2026 07:52
3.8k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......