Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy

  • 11.10.2023 14:56
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Dritter Orden hassahanasynyň çaga we neýroortopediýa bölüminiň müdiri doktor Frimberger Winsent we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu sylag Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara gatnaşyklaryny berkitmekde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, meýletinçilik hereketini, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde bitiren hyzmatlaryny, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gowşuryldy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......