«Gurulyş: Osman» türk serialynyň baş gahrymany Burak Ozçiwit Türkmenistana geler

  • 11.10.2023 01:02
  • 55k+

14-15-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda halkara kino festiwaly geçiriler. Festiwalda dürli ýurtlaryň iň gowy filmleri görkeziler, şol sanda belli aktýorlar we režisýorlar gatnaşar.

Şolaryň içinde «Ajaýyp asyr» we «Gurulyş: Osman» taryhy türk seriallarynyň belli aktýory Burak Ozçiwit hem bar diýip, Türkmenistan Habarlar Portaly ýazýar. Tutuş dünýäde millionlarça tomaşaçynyň söýgüsini gazanmagy başaran bu türk aktýorynyň Aşgabada gelmegi Türkmenistanda türk kinosynyň muşdaklary üçin aýratyn waka bolar.
Festiwala şeýle hem beýleki belli aktýorlar we režisýorlar gatnaşar, şol sanda «Taksi» filminde surata düşen fransuz aktýory Eduard Montut gatnaşar.


Festiwalda rowaýata öwrülen ahalteke atlary hakynda RT Doc teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan dokumental film görkeziler. Film ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň berýär.


07.02.2026 10:47
10k+

Türkmen modelýeri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa Er-Riýadda fransuz kutýurýesi bilen bilelikdäki toplumyny görkezdi

Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi...

25.12.2025 13:04
6.6k+

«Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamalarynyň dizaýny BIEG-niň iň gowy dizaýnlarynyň sanawyna girdi

Türkmenistanyň HASAR kompaniýasynyň «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamasynyň dizaýny Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) ýubileý neşirine goşuldy. Bu neşir Gaaga ylalaşygynyň 100 ýyllygyna...

19.03.2025 15:02
14k+

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

17.03.2025 07:57
11k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...