Türkmenistanly karateçiler Daşkentde geçirilen Dünýä kubogynda dört medal gazandylar

  • 10.10.2023 16:59
  • 9.1k+

Türkmenistanly türgenler Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen adaty karate boýunça Dünýä kubogynda dört medal – iki altyn we iki kümüş medal gazandylar. Bu barada ORIENT ýurduň Fiziki medeniýet we sport boýunça döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.

Altyn medala kumite dissiplinasynda (söweşler) Selim Myratdurdyýew we kadetleriň arasynda indiwidual katada (resmi maşklaryň görkezilmegi) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Nurgeldi Annagurbanow mynasyp boldy.
Selim Myratdurdyýew kata dissiplinasynda kümüş medala-da eýe boldy. Ýene bir kümüş medaly Eziz Zekirýaýew gazandy.
Belläp geçsek, halkara ýaryşda türkmen wekiliýeti hökmünde 14 adam, şol sanda 8 türgen çykyş etdi.


18.03.2026 11:25
1.9k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

16.03.2026 17:11
5.9k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

16.03.2026 12:00
1.5k+

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar...

13.03.2026 09:25
7.4k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...