Türkmenistanyň Adalatçysy zenanlaryň hukuklary boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy

  • 10.10.2023 14:08
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – adalatçy Ý.Gurbannazarowa 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen “Saýlamak hukugy: reproduktiw saglyk meseleleri boýunça karara gelmekde aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek” atly ýokary derejeli sebitleýin maslahatyň işine gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Bu çäre sebitde kabul edilen borçnamalary gözden geçirmek we sebitleýin hereketler meýilnamasyny işläp düzmek üçin Hereket koalisiýasynyň çäklerinde guraldy.
Maslahatyň işine 100-e golaý lider, çözgüt kabul edýän şahslar, raýat jemgyýetiniň işjeň agzalary, ýaş liderler, hünärmenler we beýleki gyzyklanýan taraplaryň wekilleri gatnaşdy. Olar üstünlikleri we kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar, sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam etmekde ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýasynyň tarapdarlaryny birleşdirmegi maksat edinýän strategiýany işläp düzmek barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, bu çäre 1994-nji ýylda ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýasy tarapyndan kabul edilen Hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan ösüşlere sebitleýin syn bermäge ýardam eder. Çäräniň ýokary derejesi 2023-nji ýylyň 19-20-nji oktýabrynda Ženewada geçiriljek Sebitleýin konferensiýa bolar.
Ýatlap geçsek, ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýasynyň 30 ýyllygyna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümeti we BMG-niň Ilat gaznasy sentýabr aýynda ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýasynyň Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek üçin ýokary derejeli milli konferensiýany geçirdi. 
Konferensiýada gyzyklanma bildirýän taraplar ýokary hilli reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmak, gender deňligini ilerletmek we demografiki durnuklylygy ýokarlandyrmak arkaly maşgalany meýilleşdirmäge we enäniň saglygyny goramaga ählumumy elýeterliligi üpjün etmeklige aýratyn üns berdiler.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......