«Inter Maýami» MLS-iň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi

  • 09.10.2023 21:20
  • 14k+

«Inter Maýami» Liganyň adaty çempionatynyň oýnunda «Sinsinnatiden» ýeňilip, MLS-iň pleý-off tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi.

«Inter Maýaminiň» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 0:1 hasabynda ýeňlişi bilen tamamlandy. Oýnuň ýeke-täk goluny 78-nji minutda Alwaro Barreal tora girizdi. «Sinsinnati»  68 utuk bilen MLS-iň sanawynda öňdeligi eýeleýär. «Inter Maýami» 33 utuk bilen 14-nji ýerde barýar. Şeýlelik bilen, adaty möwsümiň tamamlanmagyna iki oýun galanda dokuzynjy ýer bilen aratapawut 8 utuga deň.
«Inter Maýaminiň» şikes zerarly dört oýnuna gatnaşyp bilmedik argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bu duşuşykda meýdança çykdy. Ol duşuşygy ätiýaçda başlady we 55-nji minutda oýna goşuldy, ýöne netije görkezip bilmedi.


27.02.2026 11:49
4.1k+

Arsen Wenger: FIFA dünýä boýunça 100 sany futbol akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýaş oýunçylaryň ukyplaryny durmuşa geçirmek üçin 100 ýurtda ýöriteleşdirilen akademiýalary açmagy maksat edinýär. Bu barada FIFA-nyň dünýä futbolyny ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger mälim etdi...

26.02.2026 23:52
11k+

Ronaldu Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň iň gowy klublarynyň birinde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Almeriýa» futbol klubunyň paýnamalarynyň 25 göterimine eýe boldy. Ol bu paýy özüniň CR7 Sports Investments kompaniýasy arkaly satyn aldy...

26.02.2026 05:55
11k+

Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy.  Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny...

25.02.2026 13:08
5.6k+

«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 1/8 finalyň ýene dört gatnaşyjysy belli boldy. Agşamyň esasy täsirli wakasy «Budýo-Glimt» toparynyň «Interden» üstün çykmagy boldy...