Türkmenistanly karateçi Hançžoudaky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

  • 09.10.2023 21:08
  • 6.1k+

Türkmenistandan karateçi Baýry Baýryýew Hançžouda geçirilen XIX Aziýa oýunlarynda milli toparyň hasabyna ýene bir medal goşdy. Türgen 67 kg çenli agram kategoriýasynda bürünç baýraga mynasyp boldy. Özüniň ilkinji söweşinde Baýryýew Kuweýtden Fahed Alajmiden ýeňildi.

Ýöne soňky tutluşyklar Baýryýewiň tarapynda boldy. Ilkibaşda ol Butanyň wekili Rinçen Jamtşodan, soňra gyrgyzystanly Ulu Kalys Nurlanbekden, jemleýji söweşde bolsa Hytaý Taýbeýinden Çen Çung Şihudan üstün çykdy we şeýlelik bilen, ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy.
Öň, bürünç baýraklara dzýudoçy Maýsa Pardaýewa, boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow, erkin göreş pälwany Döwletmyrat Orazgylyjow, kuraş wekilleri Işanmyrat Ataýew we Aýnur Amanowa mynasyp boldy. Ýene bir kuraş ussady Tejen Tejenow milli topara kümüş medal getirdi.


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....