Bellingem Kriştianu Ronaldunyň «Realdaky» gol rekordyny täzeledi

  • 09.10.2023 20:26
  • 16k+

Madridiň “Realynyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem La Liganyň 9-njy tapgyrynyň “Osasuna” bilen oýnunda goşa gol geçirdi (4:0). Munuň netijesinde iňlis futbolçysy “Real” üçin 10 başlangyç oýunda 10 pökgi geçirmegi başardy.

20 ýaşly iňlis oýunçysy bu möwsümde ähli ýaryşlarda “Real” üçin on oýunda on pökgi geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi. Bu Kristianu Ronaldunyň “Real” üçin 10 başlangyç oýunda salan gollaryndan - 10 + 1-den has köp. Şeýlelikde, iňlis futbolçysy möwsümiň degişli döwründe portugaliýaly futbolçynyň görkezijilerinden öňe geçdi.
Bellingemiň soňky transfer penjiresinde Dortmundyň “Borussiýa”-syndan “Real”-a 103 million ýewro geçendigini ýatladýarys. Oýunçynyň Madridiň kluby bilen baglaşan şertnamasy 2029-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Transfermarkt internet portalynyň habaryna görä, futbolçynyň çak edilýän bahasy - 120 million ýewro.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....