Werstappen Kataryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 09.10.2023 19:18
  • 2.6k+

“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň 18-nji tapgyry bolan Kataryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş “Lusail” halkara awtodromynda geçirildi.

Werstappen bir gün öň sprint ýaryşynyň jemi boýunça umumy sanawda möhletinden ir ýeňiş gazandy we dünýäniň üç gezek çempiony boldy. Tapgyrdaky ýeňiş onuň üçin möwsümde 14-nji boldy. Ol Katardaky ýaryşda karýerasynda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Ikinji orny “Maklarenden” awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi, onuň topardaşy britaniýaly Lando Norris üçünji bolup pellehana geldi.
“Mersedesden” britaniýaly Jorj Rassel dördünji orny eýeledi. Rassel birinji aýlawda topardaşy britaniýaly Lýuis Hemilton bilen çaknyşdy, netijede Hemilton ýaryşy dowam etdirip bilmedi.
Ilkinji onlukda olaryň yzyndan gelýär: 5. Şarl Lekler (Monako, “Ferrari”); 6. Fernando Alonso (Ispaniýa, “Aston Martin”); 7. Esteban Okon (Fransiýa, “Alpin”); 8. Waltteri Bottas (Finlýandiýa, “Alfa Romeo”); 9. Çžou Guanýuý (Hytaý, “Alfa Romeo”); 10. Serhio Peres (Meksika, “Red Bull”).
Indiki tapgyr 20 – 22-nji oktýabrda ABŞ-da geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....