Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy «zähmet bazarynda zenanlaryň ornunyň» öwrenilendigi üçin berildi

  • 09.10.2023 19:13
  • 3k+

2023-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýragy amerikaly gözlegçi Klaudiýa Goldine berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Baýrak “aýallaryň zähmet bazaryndaky ornuna düşünmekligiň kämilleşdirilendigi üçin” berildi.
Komitetiň belleýşi ýaly, baýragyň eýesi “zähmet bazaryndaky gender tapawudynyň esasy sebäplerini ýüze çykardy”. Goldin asyrlaryň dowamynda zenanlaryň girdejileri we olaryň zähmet bazaryna gatnaşygy barada ilkinji giňişleýin hasabaty hödürledi. Onuň gözlegleri üýtgeşmeleriň sebäplerini, şeýle-de dowam edýän gender bölünişiginiň esasy çeşmelerini açyp görkezýär.
Şwesiýaly hünärmenler soňky ýüz ýylda zähmet bazarynda aýallaryň üç esse köpelendigine garamazdan, düýpli gender tapawudynyň saklanýandygyny belleýärler.
Taryhy nukdaýnazardan erkekleriň we aýallaryň arasyndaky girdejileriň deň gelmezligi bilim we hünär saýlamakdaky tapawutlar bilen düşündirildi. Şeýle-de bolsa, Goldin zähmet haklaryndaky bu tapawudyň esasy böleginiň häzirki wagtda şol bir kärdäki aýallaryň arasynda bolup geçýändigini we onuň, esasan, ilkinji çaganyň dünýä inmegi bilen ýüze çykýandygyny görkezdi.


düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.1k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
819

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......