Türki döwletler bilelikdäki futbol ýaryşlaryny meýilleşdirýärler

  • 07.10.2023 20:33
  • 11k+

Türki dilli döwletleriň Futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary 5-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen duşuşykda milli we klub derejelerinde bilelikdäki halkara ýaryşlaryny guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gyrgyzystanyň futbol birleşiginiň metbugat gullugynyň habaryna salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär.

Maslahata Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşyga Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) we Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) wekilleri hem gatnaşdy.
Mundan başga-da, futboly ösdürmek we ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Futbol hünärmenlerini, tälimçilerini, eminlerini taýýarlamak hem-de tejribeleri paýlaşmak, futbol assosiasiýalarynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşyk FIFA-nyň goldaw bermeginde we gatnaşmagynda geçirildi.


düýn 00:22
3.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 14:50
4.1k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.6k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....