EA Sports FC 24 oýny FIFA 23-den öňe geçip, brendiň taryhynda rekord başlangyjy görkezdi

  • 08.10.2023 13:15
  • 10k+

Electronic Arts kompaniýasy EA Sports FC 24-üň rekord başlangyjy barada habar berdi. Ilkinji hepdede futbol simulýatoryny 11,3 milliondan gowrak geýmer oýnady – bu görkeziji EA Play hyzmatynyň hem alyjylaryny, hem abunaçylaryny öz içine alýar. Bu seriýanyň geçenki lideri FIFA 23-üň netijelerinden 1 million geýmer köpdür diýip, championat.com habar berýär.

“Biz şeýle köp janköýeriň bary-ýogy işe başlan ilkinji günlerinde EA Sports FC 24-e goşulandygyna örän begenýäris. Biziň öňki millionlarça oýunçymyzy ýene-de yzyna getirmegimizden başga-da, FC 24-de täze goşulanlaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende tas 20% artdy. Bu dünýäniň dürli künjegindäki futbol janköýerleriniň bu kluba goşulmaga sabyrsyzlyk bilen garaşandygyny görkezýär”.

EA Sports FC 24 22-nji sentýabrda irki elýeterlilikde boldy – premial çykyşynyň eýeleri bu oýna bir hepde öň başladylar. Futbol simulýatorynyň doly derejeli çykyşy 29-njy sentýabrda şahsy kompýuterlerde we konsollarda boldy.


19.06.2026 19:56
6k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....