GDA-da 2027-nji ýyl Hukuk sowatlylygy ýyly bolar

  • 07.10.2023 10:36
  • 3.9k+

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynda 2027-nji ýyl Hukuk sowatlylygy ýyly bolar. Belarus Respublikasynyň Adalat ministrliginiň degişli başlangyjy Arkalaşygyň kanuny we beýleki guramalarynyň ýanyndaky GDA agza ýurtlaryň Hemişelik doly ygtyýarly wekiller geňeşiniň agzalary  tarapyndan Ýerine ýetiriji komitetiniň Minsk şäherinde geçen mejlisinde biragyzdan goldanyldy.  

Täjigistanyň Adalat ministriniň birinji orunbasary Nigina Alizodanyň sözlerine görä, Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň adalat pudagyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda täze, has ýokary derejä çykmak zerur.
Şeýlelik bilen, bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi raýatlar bilen özara gatnaşyklar boýunça çäreleri giňelder, hukuk medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrar, şeýle-de, kanuna hormat goýmaklyga esaslanýan durnukly jemgyýeti döreder. Şu maksat bilen ýylyň dowamynda çäreler - konferensiýalar, tegelek stollar, hukuk bilimleri boýunça seminarlar geçiriler. Arkalaşygyň raýatlary notariuslardan we aklawçylardan mugt maslahat almaga mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, Geňeş tarapyndan tassyklanan 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy GDA agza ýurtlaryň Adalat ministrlikleriniň arasynda ilata hukuk hyzmatlaryny bermek boýunça maglumat alyşmak üçin bitewi döwletara elektron ulgamynyň döredilmegini ileri tutýar.


20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

11.03.2026 18:42
3.9k+

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi. Konsepsiýa bäş sany esasy ugry: parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ykdysady we ulag baglanyşygyny ösdürmegi, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi öz içine alýar...

24.01.2026 09:32
2.5k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...