Halkara nebit we gaz uniwersiteti Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzasy boldy

  • 06.10.2023 09:12
  • 13k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti dünýäde tehniki ylymlaryň we bilimleriň ösmegine ýardam edýän abraýly gurama — Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzasy boldy.

Ýokary okuw mekdebi bu assosiasiýa agza bolmak bilen, onuň çäklerinde guralýan möhüm ähmiýetli ylmy maslahatlara, taslamalara we barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasy 1993-nji ýylda Russiýanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň başlangyjy esasynda döredildi. Onuň maksady tehniki ylymlary we innowasiýalary ilerletmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu assosiasiýa Russiýanyň ähli sebitinden we oňa goňşy ýurtlardan 132 ýokary okuw mekdebi agza bolup durýar.
Bu gurama bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaş alymlary goldamak we halkara tejribeleri alyşmak üçin dürli çäreleri guraýar. Assosiasiýanyň çäklerinde guralýan olimpiadalar, bäsleşikler, festiwallar, maslahatlar, okuw seminarlary, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli guralýar.
Mundan ozal, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Inžener-tehniki we ulag-komunikasiýalar instituty, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty we Döwlet energetika instituty bu assosiasiýanyň agzalary bolupdylar.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4.1k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...