Bir sagatda turnik çekmegiň sany boýunça dünýä rekordy täze­lendi

  • 05.10.2023 12:28
  • 44k+

Frenk Sagona atly amerikaly bir sagadyň dowamynda turnik çekmegiň sany boýunça Ginnesiň rekordyny täzeledi. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, Mir 24 habar berýär.

Bellenilen wagtda 45 ýaşly amerikaly 1010 gezek turnik çekip, 2011-nji ýylda Stiwen Haýland tarapyndan 993 gezek turnik çekilip goýlan öňki rekordy täzeledi.​

Onuň aýtmagyna görä, bu proses resmi synanyşykdan bir gün öň arka myşsalarynyň gypjynmagy sebäpli kynlaşdy.

Amerikaly öz rekordyny üç ýyl ozal taýýarlanyp başlamaga kömek eden, ýöne rekord goýmazdan birneme öň ýogalan dosty Maýk Rumfa bagyşlady.


düýn 21:03
1.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....