Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

  • 05.10.2023 00:34
  • 2.1k+

4-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynam we özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogynyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir, bu topar tarapyndan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär, olaryň amala aşyrylmagy iki tarapyň bähbitlerine, şeýle hem sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär.
Dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegiň barha artýandygyny hasaba almak bilen, iki goňşy ýurt üçin nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi möhüm bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça azerbaýjan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......