Işanmyrat Ataýew Aziýa oýunlarynda Türkmenistana nobatdaky medaly gazanyp berdi

  • 03.10.2023 23:58
  • 17k+

Türkmenistan Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş boýunça üçünji medalyny gazandy. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşyň jemleýji gününde ýurdumyza bürünç medaly Işanmyrat Ataýew getirdi. Ol 90 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip üstünlik gazandy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Birinji tutluşygynda Işanmyrat Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýa çempionaty — 2022-niň 81 kg çenli agram derejede bürünç medalçysy, 31 ýaşly Min Kwan Buiden (Wýetnam) üstün çykdy — 5:0.
Ýarym finalda ildeşimiz eýranly Sadeh Azarang bilen tutluşyp asgyn geldi. Finalda Azarang Mingýu Kimden (Koreýa Respublikasy) üstün çykyp, altyn medal gazandy.


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....