ABŞ-da 100 ýaşly iň garry akwarium balygy ýaşaýar

  • 03.10.2023 17:01
  • 27k+

ABŞ-da, takmynan, 100 ýaşyndaky iň garry akwarium balygy ýaşaýar diýip, Oddity Central ýazýar.

Mafusail atly balyk 1938-nji ýylda Awstraliýadan gämide ABŞ-a getirilipdir. Alymlar onuň häzirki wagtda dünýädäki iň garry akwarium balygydygyny çaklaýarlar – barlaglar onuň 92 ýaşdan 100 ýaş aralygyndadygyny görkezdi.
Mafusail gury ýerde-de, suwda-da ýaşap bilýän iki hili demalyjy balyk görnüşine degişlidir. Balyga seredýän işgärler onuň özüni bagtly we rahat duýýandygyny belleýärler.
Hünärmenler, adatça, balyklaryň ýaşy bilen baglanyşykly oňurgalarynda üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini, gözleriniň bulanyk bolýandygyny we hatda çal teňňeleriň hem peýda bolýandygyny belleýärler. Emma Mafusail beýle garrylyk alamatlaryny görkezmedi.


29.05.2026 23:05
4.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
11k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.1k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......