Türkmenistanda kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy bellenildi

  • 03.10.2023 16:16
  • 31k+

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu gün resmi metbugatda çap edildi.

Täze Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň kazylarynyň wezipede işlemeginiň aňryçäk ýaşy kesgitlendi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinde aňryçäk ýaşy 70 ýaş, beýleki kazylaryň aňryçäk ýaşy 65 ýaş hökmünde kesgitlenendir. Ýöne Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň teklipnamasy boýunça ýaş çägi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýene 5 ýyl uzaldylyp bilner.
Şeýle hem kazy wezipesini ýerine ýetirmegiň ygtyýarly möhleti kesgitlendi. Kazyýetiň başlygy we kazyýetiň başlygynyň orunbasary 5 ýyl möhlet bilen bu wezipä bellenýär. Şol bir başlyk ýa-da onuň orunbasary şol bir kazyýete ýolbaşçy wezipä iki möhletden artyk saýlanyp bilinmez.
Türkmenistanyň Ýokary we Arbitraž kazyýetleriniň kazylary üçin hem talaplar girizildi. Indi, arbitraž kazylyga kazy hökmünde azyndan 3 ýyl iş tejribesi, Ýokary kazyýetiň kazysy üçin bolsa, azyndan 5 ýyl iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr.
Täze Kanuna laýyklykda, 2 gezek yzly-yzyna hünär synagyny tabşyryp bilmedik kazylar, 1 ýylyň içinde kazynyň etikasyna laýyk gelmeýän etmişleri edendikleri üçin diýen bölekler girizildi.
Şeýle hem kazylara, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylara hem-de kazyýet işgärlerine kazyýet edaralarynda işlän ýyllary üçin goşmaça tölegiň möçberleri olaryň wezipe aýlyk hakyna we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegine baglylykda, şu tertipde belenilýär: 5 ýyldan 10 ýyla çenli – 15 göterim; 10 ýyldan 15 ýyla çenli – 25 göterim, 15 ýyldan 20 ýyla çenli 30 göterim; 20 ýyldan 25 ýyla çenli – 35 göterim; 25 ýyldan ýokary – 40 göterim.
Bu Kanun 2024-nji  ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......