Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi

  • 03.10.2023 15:58
  • 28k+

«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi. Üýtgetmeler girizilen täze kanunçylyk namalary Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Üýtgetmä laýyklykda, 70-nji maddanyň belligi aýryldy. Bu bellikde şeýle diýilýärdi: «Kazyýet, kazy, prokuror, şeýle-de prokuroryň rugsady bilen anyklaýjy, sülçi Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 70-72-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan adamy administratiw ýa-da harby gullukçylary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek üçin degişli çäreleri görmelidirler».
Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.


düýn 09:38
7.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 10:01
956

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

14.03.2026 00:49
5.5k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...